Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $77,75, «WTI» - $74,53

Liwiýanyň NOC nebit kompaniýasynyň iki sany portda nebit ýüklemekde adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegi baradaky habardan soňra 3-nji iýulda nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar.

Moskwa wagty bilen 7:48-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,58 göterim ýokarlanyp, 77,75 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,8 göterim gymmatlap, 74,53 amerikan dollaryna barabar boldy.

Treýderleriň pikirine görä, Liwiýadan nebit iberilmegindäki bökdençlikler OPEC döwletleri tarapyndan çig malyň teklibiniň iýundaky ösüşinden geçip, nebitiň bahalaryny ýokarlandyrýar. Agentligiň maglumatlaryna görä, OPEC ýurtlarynyň iýun aýynda nebit çykarylyşy günde 32,32 mln barrele ýetdi, bu görkeziji maýdaka garanyňda 320 müň barrel ýa-da 1 göterim köpdür. Mundan başga-da, bu görkeziji gurama agza döwletleriň 2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri iň ýokary görkezijisidir.

Meňzeş täzelikler

2014