Putin RF-iň Hökümetiniň Hazaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekmek baradaky teklibini kabul etdi

RF-iň Prezidenti Wladimir Putin Hökümetiň Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekmek baradaky teklibini kabul etdi, diýip duşenbe güni Interfaks habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň degişli karary hukuk maglumatlarynyň resmi internet-portalynda anna güni ýerleşdirildi.

«Şu kararda göz öňünde tutulan Konwensiýa gol çekilmegini ýokary derejede geçirmegi maksadalaýyk hasaplamaly» diýlip resminamada bellenilýär.

Karara laýyklykda, şeýle hem RF-iň DIM-ne Konwensiýa gol çekmek bilen bagly gepleşikleriň dowamynda düýpli bolmadyk häsiýetli bellikleri taslama girizmäge rugsat edilýär.

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda DIM-iň ýolbaşçysy Sergeý Lawrowyň «Hazar bäşliginiň» daşary işler ministrleriniň Moskwada geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça beýan etmegine görä, oňa gatnaşyjylar Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň ähli möhüm düzgünlerini ylalaşdylar. Bu resminamanyň üstünde 20 ýyldan gowrak iş alnyp baryldy. Onuň aýtmagyna görä, resminamanyň teksti 2018-nji ýylda Gazagystanda geçiriljek bäşinji Hazar sammitinde RF-iň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Liderleri tarapyndan gol çekilmäge taýýar.

S.Lawrowyň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda konwensiýanyň redaktorlyk üstünde işlenilmegi, milli dillere terjime edilmegi we her ýurduň içinde gol çekmäge taýýar etmek işleri geçiriler.

Şol bir wagtda hem iýun aýynyň başynda RF-iň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň habar berşi ýaly, Hazaryň hukuk ýagdaýy hakynda konwensiýa gol çekilmegi meýilleşdirilýän «Hazar bäşliginiň» sammitini awgust aýynda geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Ýatlap geçsek, Konwensiýanyň maddalarynyň birine laýyklykda, kenarýaka döwletleri deňzi böleginiň haýsy ýurda degişliligine baglylykda rugsat almak bilen Hazaryň asty boýunça turba geçirijileri gurmaga hukuk alýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014