Türkmenistan we Rumyniýa döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanunyň duşuşygynda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman döwlet Baştutanyna Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Rumyniýanyň oňyn syýasaty hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde meşhur bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen soňky ýyllarda has işjeňleşen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ösdürilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz we myhman ähli ugurlar boýunça — söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu ulgamda möhüm başlangyçlar, hususan-da, ýükleri daşamak üçin ykdysady taýdan has amatly halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Türkmenbaşy şäherindäki iň döwrebap logistik düzüme eýe bolan täze Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen baglylykda, Ýewraziýa yklymynda, şol sanda Hazar we Gara deňiz sebitleriniň ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler açyldy.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeleriň netijeli döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparyna hem möhüm orun degişlidir. Onuň işi dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmelidir.

Şunda Rumyniýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da giňeltmäge çalyşýandyklary bellenildi. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmak boýunça alnan ugur — bularyň ählisi esasy rumyn we tutuş Ýewropa kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Belläp geçsek, 2018-nji ýylyň aprelinde geçirilen Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň bilelikdäki ýedinji mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, energetika, nebit we gaz, ulag, oba hojalyk, ýeňil senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekligiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň multimodal ýük daşamaklygy üpjün etmekdäki ähmiýetini maslahatlaşdylar.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Konstans portuna ýükleri daşamagyň, şol sanda suwuklandyrylan gaz daşamagyň mümkinçiliklerini öwrendiler. Bu ugur ýörite konteýnerleri ulanmaklygy göz öňünde tutýar we Türkmenbaşy portundan Hazaryň üsti bilen Baku portuna, soňra demir ýol ulagy arkaly Batuma ýa-da Poti (Gruziýa) çenli, soňra bolsa Gara deňziň üsti bilen Rumyniýa çenli aralygy alýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014