Nebit ýene-de gymmatlaýar: «Brent» - $78,14, «WTI» - $74,62

4-nji iýulda irden nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar. Maýadarlar Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da çig malyň bu görnüşiniň ätiýaçlyklarynyň geçen hepdede garaşylyşyndan has köp azalandygy baradaky habaryny oňaýly kabul etdiler.

Moskwa wagty bilen 8:08-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,49 göterim ýokarlanyp, 78,14 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,65 göterim gymmatlap, 74,62 amerikan dollaryna barabar boldy.

Çarşenbä geçilýän gije API-niň beren habaryna görä, 29-njy iýunda tamamlanan hepdede ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklary 4,5 mln barrel ýa-da 1,1 göterim azalyp, 412,1 mln barrele deň boldy. şol bir wagtda benzin ätiýaçlyklary 3,1 mln barrel, distilýatlar – 438 müň barrel azaldy.

Bilermenleriň garaşmaklaryna görä, bellenilen döwürde ýurduň ätiýaçlyklary 3,538 mln barrel ýa-da 0,85 göterim azalyp, 413,1 mln barrele deň bolmalydy.

Meňzeş täzelikler

2014