Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Tatarystanyň hökümeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana sapar bilen gelmegine garaşýarlar, diýip bu sebitiň metbugat gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Liliýa Galimowa žurnalistlere habar berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentine 6-njy iýulda garaşylýar. Ony Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow garşylar» - diýip L.Galimowa aýtdy.

Myhmana «Ideýa» tehnoparkynyň binýadynda Respublikanyň senagat mümkinçilikleriniň sergisi we robotlaryň görkezilişi bolan lukmançylyk merkezi görkeziler. Soňra Kazanyň kremlinde giňişleýin düzümde duşuşyk geçiriler.

«Giňişleýin düzümdäki mejlisde maslahatlaşyljak temalar dürli-dürlüdir. Şolaryň hatarynda «KAMAZ» maşynlarynyň we ätiýaçlyk şaýlarynyň iberilmegini giňeltmek, «Tatneftiň» türkmen nebit kompaniýalary, şol sanda «Türkmennebit» bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmek, Tatarystanyň kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäklerindäki nebitgözleg we nebitçykaryş işlerine gatnaşmagy, «Sergo adyndaky zawod» (Pozis» önümçilik birleşigi» APJ-niň öndürýän sowadyjy tehnikalarynyň satyn alynmagyny artdyrmak, şeýle hem lukmançylyk maksatly sowadyjy tehnikalary satyn almak, Kazanyň milli gözleg tehnologik uniwersitetinde Türkmenistanyň senagaty üçin hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk we beýlekiler bar» - diýip L.Galimowa aýtdy.

Garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem «Kazan-Arenada» geçiriljek Braziliýanyň we Belgiýanyň ýygyndylarynyň duşuşygyna tomaşa eder.

L.Galimowanyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Tatarystanyň gatnaşyklaryna on ýyl bolup gelýär. «Gatnaşyklar 2008-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen Tatarystanyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekilenden soňra başlandy. Aşgabatda biziň hemişelik wekiliýetimiz hereket edýär» diýip ol aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014