Trampyň aýdanlaryndan soňra nebitiň bahalary aşak düşýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň OPEC döwletlerini benzine bolan bahalary aşak düşürmäge çagyryşyndan soňra penşenbe güni irden nebitiň dünýä boýunça bahalary pese düşýär, diýip Ria Nowosti söwdalaryň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

«Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,7 göterim pese düşüp, 77,69 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,34 göterim arzanlap, 73,89 amerikan dollaryna barabar boldy.

Trampyň Twitter sahypasynda OPEC döwletleriniň benziniň nyrhyny ýokarlandyrýandygyny aýdyp, gurama ony peseltmegi aýdanyndan soňra nebitiň bahalary gyzyl zolakda ýerleşýär. Öňräk, Tramp HBS-e OPEC-iň nebit bazaryny dolandyrýandygyny aýdyp, muny bes etmegi tabşyrdy. ABŞ-nyň Prezidenti şeýle hem, OPEC-iň nebit çykarylyşyny günde 2 mln barrele çenli artdyrmalydygyny beýan etdi.

Penşenbe güni söwdalaryň dowamynda nebit bazaryna ABŞ-nyň energetika ministrliginiň ýurtda nebit ätiýaçlyklary baradaky maglumatlary hem täsir edip biler. Analitikleriň çaklamagyna görä, geçen hepdede harytlyk ätiýaçlyklar (strategik ätiýaçlyklary hasaba almazdan) 5,2 mln barrel ýa-da 1,3 göterim azalyp, 411,4 mln barrele deň boldy.

National Australia Bankyň (NAB) analitikleriniň çaklamagyna görä, ýakyn aýlarda «Brent» söwda belgili nebitiň bahalary barreli üçin 75-den 80 dollar aralygynda bolar. «Muňa garamazdan, OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebitiň çykarylyşynyň düýpli artmagy şu ýylyň ahyrynda onuň bahalarynyň peselmegine getirip biler» diýip bilermenler belleýär.

Meňzeş täzelikler

2014