2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim artdyrylar

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Degişli Permana Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanan mejlisde gol çekdi.

Hususan-da, resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1286 manat möçberde, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 377 manat möçberde bellemeli.

2019-njy ýylyň ýanwaryndan pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 307 manat möçberde, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 293 manat möçberde bellenildi.

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 790 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

Resminamada bellenilişi ýaly, zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

 

Meňzeş täzelikler

2014