Makroykdysady görkezijiler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär

2018-nji ýylyň alty aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim artdy. Geçen döwürde öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4 göterim artdy. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Ortaça aýlyk zähmet haklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 göterim artdy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde öz wagtynda tölenildi.

Ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi degişli döwürde 19,1 milliard manada deň boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny üstünlikli ösdürmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, ony döwrebap ýagdaýa getirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Prezident bellenen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň eksport mümkinçiligini ýokarlandyryp, ykdysadyýetimizi bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmäge ýardam etmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014