ÝET-iň işiniň alty aý boýunça netijeleri jemlendi we geljek üçin wezipeler kesgitlenildi

Penşenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 103,1 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, dizel ýangyjy öndürmek boýunça meýilnama 103,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 121,2 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, benzin öndürmegiň ösüş depgini 101,5 göterime, polipropilen öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 103,1 göterime deň boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegi çaltlandyrmagy tabşyryp, pudagyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek we işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri kabul etmegiň edilmeli işleriniň diňe bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, dolandyryş ulgamyndaky artyk bölümleri aýyrmaly. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky algy-bergileri düzgünleşdirmeli, şeýle hem haýsy kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmelidigine, haýsyny bolsa telekeçilere berip boljakdygyna seretmeli. Umuman, nebitgaz toplumy sazlaşykly we netijeli işlär ýaly, zerur çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, TOPH gaz geçirijisini ýokary hilli gurmak, täze nebit we gaz ýataklaryny açmak işlerini görkezdi.

Wise-premýere dünýä ykdysadyýetinde nebit bilen bagly emele gelen çylşyrymly ýagdaýy göz öňünde tutup, gözegçilik edýän toplumynyň işini talabalaýyk ýola goýmak üçin, şu ýylyň ahyryna çenli wagt berildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014