ÝET-niň 2018-nji ýylyň 6 aýynyň jemleri jemlenildi

8-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen alty aýynda edilen işleriň jemine, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen 29-njy maýda geçiren maslahatynda kärhanalaryň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory D.Bäşimow, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň  başlygy N.Çaryýew hasabat bilen çykyş etdiler.

Toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri ýerine ýetirilen işler hem-de 2018-nji ýyl üçin meýilnamalar, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ýakynda geçiren maslahatynda kärhanalaryň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Hususan-da, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 103,1 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, dizel ýangyjy öndürmek boýunça meýilnama 103,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 121,2 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, benzin öndürmegiň ösüş depgini 101,5 göterime, polipropilen öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 103,1 göterime deň boldy.

Hasabatlarda şeýle hem Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi. Häzirki wagtda zawodyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen hyzmatdaşlykda zawodyň önümlerini bazarlara ýerlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sazlaýyş işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer zawodyň gurluşygyny tizleşdirmek hem-de gazhimiýa toplumlaryny ulanyşa girizmek boýunça tabşyryklary berdi.

Degişli ýolbaşçylar «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisiniň ugrunda kompressorlary abatlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumyndaky wekili Muhammetmyrat Amanow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Gurluşyk işleri bellenilen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar.

«Gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaklyga, şeýle hem täze nebit känlerini özleşdirmeklige aýratyn üns berildi.

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçysy eksport möçberlerini we eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Daşoguz welaýatyndaky gurluşygy alnyp barylýan nebit kärhanasy barada habar berildi.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014