Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Tatarystan Respublikasynyň (RF) Prezidenti Rustam Minnihanow bilen 6-njy iýulda Kazana resmi sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygynda türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarystanyň hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyk etmegiň, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

R.Minnihanow 2016-njy ýylyň ahyrynda türkmen howa ýollary tarapyndan Aşgabat — Kazan göni ugruň açylmagynyň möhümligini belledi. Bu başlangyç işewür gatnaşyklary, syýahatçylygy ösdürmäge, şeýle hem Tatarystanda Türkmenistanyň talyplarynyň okamaklary üçin örän amatlydyr.

Duşuşyga premýer-ministriň orunbasary, Tatarystan Respublikasynyň senagat we söwda ministri Albert Karimow, «KAMAZ» AGPJ-niň baş direktory Sergeý Kogogin, «Tatneft» AGPJ-niň baş direktory Nail Maganow we beýlekiler gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Tatarystanyň öňdebaryjy maşyngurluşyk, senagat kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge isleg bildirýär, çünki olaryň önümleri ýokary hili mynasybetli türkmen bazarynda ýokary abraýdan peýdalanýar.

R.Minnihanow we G.Berdimuhamedow «Ideýa» tehnoparkyna, şeýle hem lukmançylyk simulýatorlaryny we robot-näsaglaryny öndürýän «Eýdos-lukmançylyk» merkezine baryp gördüler.

Hususan-da, «Ideýa» tehnoparkynda Gurbanguly Berdimuhamedow «Tatneft» kompaniýasynyň diwarlygy bilen tanyş boldy. Bu kompaniýa 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda «Türkmennebit» DK bilen baglaşylan şertnama esasynda Goturdepe käninde guýulary düýpli abatlamak we plastlaryň nebit çykaryjylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalary alyp bardy. 38 sany guýuda abatlaýyş işleri geçirildi. Geçirilen işleriň  hem-de täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde goşmaça nebit alyndy.

Häzirki wagtda taraplar bu şertnamanyň möhletini uzaltmagyň üstünde işleýärler. Bilelikdäki meýilnamada nebit çykaryjylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolan eýýäm 88 guýy bar.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk hem-de wintganat tehnikalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça Kazanyň wertolýot zawody tekliplerini taýýarlady. Bu zawodyň nusgalarynyň hatarynda şeýle hem «Ansat» lukmançylyk wertolýoty bar. Ol barmasy kyn bolan ýerlerde gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ulanylýar.

«Eýdos» merkezinde türkmen Liderine düzümdäki kärhanalaryň önümçilik işleri, şeýle hem kompaniýanyň robottehnika bölüminiň işi görkezildi.

Agşamlyk Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri «Kazan-Arena» stadionyna baryp gördüler. Bu ýerde Braziliýanyň we Belgiýanyň futbol boýunça ýygyndy toparlary Dünýä çempionatynyň çärýek final tapgyrynda duşuşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Dünýä çempionatynyň hormatly myhmany bolmaga çagyrylmagy iki ýurduň arasynda sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir. Sentýabr aýynda biziň ýurdumyzda  «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi, noýabrda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu iri möçberli ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Meňzeş täzelikler

2014