Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $77,47, «WTI» - $74,14

9-njy iýulda nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar. Moskwa wagty bilen 8:39-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,47 göterim ýokarlanyp, 77,47 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,43 göterim gymmatlap, 74,14 amerikan dollaryna barabar boldy.

Geçen duşenbe güni Liwiýanyň milli kompaniýasy NOC bökdençlikler zerarly Zuýetine we Harige portlaryndan çig mal ugratmakda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. NOC şeýle hem eger-de gündogar portlarynyň bökdençligi dowam etse, Liwiýada nebit çykarylyşynyň günde 850 müň barrele çenli aşak düşmeginiň mümkindigini nygtady.

Şeýle hem öňräk günde 360 müň barrel nebit çykarýan Syncrude kanadanyň kärhanasynyň awariýa zerarly ýapylyp, iýul aýynyň ahyryna çenli abatlanyljakdygy barada mälim boldy.

Meňzeş täzelikler

2014