Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýany ylalaşdylar — Azerbaýjanyň DIM-i

Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň taslamasy doly ylalaşyldy diýen ýaly, diýip Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Elmar Mamedýarow beýan etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.

«Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasynyň bäş döwlet tarapyndan hem ylalaşylandygyny aýtmak bolar» diýip E.Mamedýarow «AzerTaj» döwlet agentligine interwýusynda aýtdy.

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Moskwada geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça RF-iň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy. Gepleşikler 20 ýyla golaý dowam etdi. Onuň sözlerine görä, konwensiýanyň resminamasynyň teksti 2018-nji ýylyň awgustynda Gazagystanda geçiriljek hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitinde gol çekilmäge taýýar.

29-njy iýunda RF-iň Prezidenti Wladimir Putin hökümetiň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekmek baradaky teklibini kabul etdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014