Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary iki hepdelik dynç alşa çykar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna dynç alşa çykmaga rugsat berdi we olara ýerli sagaldyş merkezlerinde dynç almagy teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutany penşenbe güni geçirilen 2018-nji ýylyň alty aýynyň durmuş-ykdysady netijelerine bagyşlanyp geçirilen hökümet mejlisinde aýtdy.

Döwlet Baştutany ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, erbet bolmandygyny nazara alyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna we beýleki ýolbaşçylara ýarym ýylyň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbede we ýekşenbede maslahatlary geçirenlerinden soňra, 9 — 23-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berdi.

Olar hemişeki ýaly, Arçmanda, Ýyly suwda we beýleki şypahanalarda dynç alyp bilerler – diýip döwlet Baştutany aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014