Türkmenistan türkmen-awstriýa işewür-forumy üçin teklipler taýýarlaýar

Şu aýda Wenada nobatdaky Wena şäherinde türkmen-awstriýa işewür-forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onda söwda gatnaşyklaryny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi awstriýaly kärdeşleri üçin teklipleri taýýarlaýar. Bu barada TSTB-niň saýtynda habar berilýär.

Forumda logistika, mineral dökünleriň, nebithimiýa we gazhimiýa önümleriniň önümçiligi, şeýle hem peýdaly gazylyp alynýan magdanlar, dag magdan we kagyz senagaty ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taslamalar hödürleniler.

Dokma senagatyny we deri önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän kärhanalar ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berler.

Türkmen bakja önümlerini ýewropa bazarlaryna eksport etmegi işjeňleşdirmek gepleşikleriň ýene-de bir möhüm meselesi bolar.

Belläp geçsek, 2017-nji ýylyň iýunynda Wenada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilligi açylypdy. Bu wekillik Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy köprä öwrüldi. TSTB-niň wekilliginiň işi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Awstriýanyň federal ykdysady edarasy, Awstriýanyň ilçihanasynyň Aşgabatdaky söwda wekilligi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär.

Meňzeş täzelikler

2014