RF-iň hökümeti Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hazarýaka döwletleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky taslamasyny makullady

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedow Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny makullamak hakynda resminama gol çekdi, diýip Interfaks Ministrler Kabinetiniň saýtyna salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Ylalaşygyň maksady — senagat, oba hojalygy, söwda, syýahatçylyk we taraplaryň döwletleriniň ykdysadyýetiniň gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary deňhukuklylyk we özara düşünişmek esasynda halkara hukuk binýadyny düzgünleşdirmek bolup durýar.

«Garaşylyşy ýaly, taraplar milli kanunçylyga laýyklykda, ykdysady serişdeleri netijeli peýdalanmaga, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýörite, aýratyn, erkin ykdysady zolaklary döretmek we ösdürmek meseleleri boýunça tejribe alyşmaga, sanly ykdysadyýet ulgamynda özara gatnaşyklary etmäge, döwletleriň sebitleriniň we şäherleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam ederler» diýlip habarda aýdylýar.

Hazarýaka döwletleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ylalaşygyny işläp düzmek başlangyjy 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahanda geçirilen Dördünji Hazar sammitinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi. Başlangyç Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de sammite gatnaşyjy beýleki taraplar tarapyndan goldanyldy.

Meňzeş täzelikler

2014