Gruziýanyň importynda Türkmenistanyň nebit önümleriniň möçberi artýar

2018-nji ýylyň iýunynda Gruziýada benziniň we dizel ýangyjynyň iň köp mukdardaky importy Türkmenistan tarapyndan amala aşyryldy — 21,1 müň tonna. Bu görkeziji jemi importyň 24,3 göterimine deňdir. Sanawda soňky ýerlerde: Rumyniýa, Bolgariýa, Russiýa, Azerbaýjan, Gresiýa gelýär, diýip Meria-Turkmen ORIENT habarlar agentligi «Biznes Gruziýa» neşirine salgylanyp habar berýär.

Şu ýylyň iýun aýynda Gruziýada benziniň we dizel ýangyjynyň importy 86,9 müň tonna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,9 müň tonna artykdyr. 2018-nji ýylyň ýanwar-iýun aýynda Gruziýada nebit önümleriniň jemi importy 516,8 müň tonna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 müň tonna köpdür. Şolardan, benziniň importy 256,7 müň tonna, dizel ýangyjynyň importy – 260,1 müň tonna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014