Habarlaryň arhiwi (2018-5-1)

Türkmenistan we Wýetnam ykdysady hyzmatdaşlygy giňeldýär

Ýakynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Ngo Dyk Man Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen duşuşdy. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, duşuşyklarda — Türkmenistanyň Prezidentiniň Wýetnama boljak sapary hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hakynda...

Energetika infrastrukturasynyň goragy — ÝHHG-niň Türkmenistandaky okuw maslahatynyň üns merkezinde

Geçen hepdede ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika infrastrukturasynyň goragyna we energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen mümkin bolan howplaryň we netijeli seslenme çärelerini  taýýarlamaga, beýleki mehanizmleriň täsiriniň we ornaşdyrylmagynyň seljerilmegi meselelerinde öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak maksady bilen Aşgabatda iki günlük çäresini gurnady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Maslahatyň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, harby we...

2014