Habarlaryň arhiwi (2018-5-11)

Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa awgustda gol çekilip bilner

Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa 2018-nji ýylyň awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Astanada geçiriljek sammitinde gol çekilip bilner, diýip RF-iň DIM-iniň ýolbaşçysynyň orunbasary Grigoriý Karasin belledi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Bilermenleriň derejesinde örän içgin işler alnyp barylýar. Biz awgusta meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň netijeli tamamlanmagyny we onuň jemleri boýunça Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy boýunça Konwensiýa gol...

Türkmenistan ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynda möhüm orun eýeleýär

Türkmenistan ÝB-niň Merkezi Aziýa sebiti boýunça umumy syýasatynda möhüm orun eýeleýär we Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa strategiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada ÝB-niň Aşgabatdaky kontakt býurosynyň ýolbaşçysy Lýubimor Frebort Ýewropa güni mynasybetli gutlag çykyşynda belledi. Köpugurly türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygyna baha bermek bilen ÝB-niň resmi wekili ÝB-niň Merkezi Aziýa...

Eýran Hazardaky känleri özleşdirmekde goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip biler – Ruhani

Eýran we Azerbaýjan bilelikde Hazar deňzindäki nebit känlerini özleşdirmeklige taýýarlyk görýär. Bu hili hyzmatdaşlyk taryhda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Tähranda Iran Oil Show 2018 23-nji sergide eden çykyşynda belledi diýip, Trend habar berýär. Ruhani şeýle hem Eýranyň bu ugurda goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen hem hyzmatdaşlyk edip biljekdigini belledi. «Biz...

Bank of America-nyň bilermenleri nebitiň bahalarynyň 100 dollara ýetmegini çaklaýarlar

Eger-de eksport ediji ýurtlar bolan Wenesuela bilen Eýrandaky ýagdaý dünýä bazarlaryna nebit çykarylyşyna ýaramaz täsir etseler, onda nebitiň bahalary geljek ýylda 100 dollara çenli barar. Bu barada Bloomberg habarlar agentligi Bank of America Corp. analitikleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär. Olaryň bahalandyrmalaryna görä, penşenbe güni 77 dollar töweregi bolan nyrh geljek ýylyň ikinji çärýeginde 90 dollara ýetip...

2014