Habarlaryň arhiwi (2018-5-14)

Ýakyn wagtda Pakistanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanar

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň 819-njy pakistan sepleşmesinde ilkinji seplemeleri kebşirlemek işi ýakyn aýlarda başlanyp biler. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada öňdebaryjy pakistan gazeti Dawn taslama gatnaşyjy «Inter State Gas Systems» (ISGS) kompaniýasynyň ýokary wezipeli hünärmenlerine salgylanyp habar berýär. ISGS-iň çeşmesiniň aýtmagyna görä, Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň...

Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $76,70, «WTI» - $70,46

2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Moskwa wagty bilen 7:40-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,5 göterim aşaklap, 76,70 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,3 göterim arzanlap, 70,46 amerikan dollaryna barabar boldy. 11-nji maýda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,5 göterim pese düşüp, 77,12 amerikan dollaryna,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-li we türkiýeli işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine,...

2014