Habarlaryň arhiwi (2018-5-16)

Tähranda energetika we demir ýol ulagy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen Tähranda geçiren duşuşygynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Bellenilişi ýaly, duşuşykda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek,...

Türkmenistanyň Prezidenti iri taslamalaryň, şol sanda gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdy

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Şol sanda döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu täzeçil taslama milli ykdysadyýetimiziň esasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky...

ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň artýandygy baradaky habardan soň onuň bahalary arzanlaýar

Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da bu çig malyň ätiýaçlyklarynyň garaşylmadyk ýagdaýda artandygy baradaky habaryndan soň nebitiň bahalary çarşenbe güni irden aşaklaýar, diýip Ria Nowosti habar berýär. «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,31 göterim pese düşüp, 78,19 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,28 göterim aşaklap, 71,11 amerikan dollaryna barabar boldy. API-niň maglumatlaryna...

2014