Habarlaryň arhiwi (2018-5-30)

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri goýdy

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna» garaldy, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny we dünýäniň energetika bazarynyň şertlerini nazara almak bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça onuň görkezijileri kesgitlendi. Maslahatyň barşynda ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň, olaryň ýolbaşçylarynyň işine baha berildi we ýakyn...

Täjibaý meýdançasynda işler ýokary depginde alnyp barylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri ýakynda açylan Täjibaý meýdançasynda işleri ýokary depginde alyp barýarlar. Täze kän Lebap welaýatynda tebigy gaza baý bolan Malaý käniniň golaýynda ýerleşýär. Täze kände deslapky gözleg işleri tamamlanandan soňra, ekspedisiýanyň işgärleri ilkinji barlag guýusyny burawlamaga başladylar. Häzirki wagtda 1400 metrden gowrak çuňluk burawlandy. «Biz bellenilen meýilnamany öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin...

2014