Habarlaryň arhiwi (2017-8-31)

Gidrogeologlar bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirýärler

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gigrogeologik ekspedisiýasy şu ýylyň geçen 7 aýynda agyz suwunyň barlagy we gözlegi hem-de geologik işleri geçirmek boýunça meýilnamany 114,98 göterim ýerine ýetirdiler. Bu welaýatyň ilatly nokatlaryny we kärhanalaryny dolulygyna agyz suwy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Agyz suwunyň ýerasty ätiýaçlyklaryny öwrenmek boýunça geçirilen barlag işleriniň netijelerinde A.A.Nyýazow etraby üpjün edildi. Şeýle hem Görogly we Gurbansoltan eje...

Mazary-Şerifde Bilelikdäki türkmen-owgan söwda öýi döredildi

Türkmenistanyň Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekde Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherinde bilelikdäki «Türkmenistan» söwda öýüniň açylmagy iş ýüzünde amala aşyrylan ilkinji ädimleriň biri boldy. Bu taslama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýardam bermeginde Owganystanyň hususy kompaniýalary bilen bilelikde durmuşa geçirildi. «Türkmenistan» söwda öýüniň açylyş dabarasyna Balh welaýatynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, OYR-iň DIM-niň hem-de...

Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisinde hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi boldy. Duşuşyga iki dostlukly ýurduň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşygy açmak bilen, topara başlyklyk edijiler döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler we Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Söwda-ykdysady pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi...

Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwiliniň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Myhman döwlet Baştutana Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň hoşniýetli sözlerini we tutuş türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, gruzin tarapy bar bolan mümkinçilikleri we geljekki ugurlary nazara alyp, Türkmenistan bilen ýola goýulýan...

2014