Habarlaryň arhiwi (2017-9-1)

Söwda-senagat edarasy türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň ösmegine ýardam etmelidir — Türkmenistanyň Prezidenti

Söwda-senagat edarasy türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň daşary ýurtlara eksportynyň ösmegine ýardam etmelidir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2017-nji ýylyň 8 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisinde aýtdy. Mejlisiň barşynda Söwda-senagat edarasynyň işiniň käbir meselelerine seredildi. Hususan-da, telekeçiligiň ähli görnüşlerini ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, ýurdumyzyň telekeçileriniň daşary ýurt telekeçileri bilen söwda-ykdysady hem-de ylmy-tehniki...

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň sebitleri we paýtagty boýunça degişli jogapkärleri belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary degişli welaýatlara we Aşgabat şäherine jogapkär ýolbaşçylar hökmünde bellenildi. Netijede, Ahal welaýaty boýunça — wise-premýer Orazmyrat Gurbannazarow, Balkan welaýaty boýunça — wise-premýer Baýram Annameredow, Daşoguz welaýaty boýunça — wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew, Lebap welaýaty boýunça wise-premýer — Muhammetmyrat Aýdogdyýew, Mary welaýaty boýunça — Maksat Babaýew, Aşgabat şäheri boýunça...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagatynyň işini mundan beýläk kämilleşdirmek boýunça çäreleriň anyk meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2017-nji ýylyň 8 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp 31-nji awgustda geçirilen göçme mejlisinde milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýyna seredilip geçildi. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat döwründe ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 100,6 göterim,...

2014