Habarlaryň arhiwi (2017-9-12)

Türkmenistanyň Merkezi banky hümmeti 1-den 100 manada deň bolan banknotlaryň täze nusgalaryny dolanyşyga çykardy

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny dolanyşyga çykardy. Banknotlaryň ýüz taraplarynyň reňki we şekili öňki durkunda saklanyp, olaryň hemmesinde «Aşgabat 2017» oýunlarynyň nyşany şekillendirilen. Banknotlaryň arka tarapynda Aşgabat şäherinde täze gurlan Halkara...

Aşgabat Olimpiýa stadionynyň şekili ýerleşdirilen altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullary ýasaldy

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 100 manada deň bolan «Aşgabat Olimpiýa stadiony» atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy. «Aşgabat Olimpiýa stadiony» atly ýadygärlik şaýy pullar toplumy Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň «The Royal Mint Limited» zikgehanasynda ýasaldy. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz...

Türkmenistan we Kuweýt hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Ýörite wekili, Emiriň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Gepleşigiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda bar bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha...

2014