Habarlaryň arhiwi (2017-9-14)

Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklary «Aşgabat 2017» ýaryşlaryna doly taýýarlygyň nyşany

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy. Bu waka şanly senäniň, bu ýerde — Olimpiýa stadionynda türgenleriň, janköýerleriň, tomaşaçylaryň on müňlerçesiniň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň golaýlaşýandygyny alamatlandyrdy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň galdyrylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara hökümet agzalary,...

HEA geljek iki ýyl üçin nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara energetika agentligi (HEA) 2017-nji ýyl üçin nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny awgustdaky çaklamasy bilen deňeşdirilende günde 100 müň barrel artdyryp, günde 97,7 mln barrele ýetirdi. Bu barada agentligiň sentýabrdaky hasabatynda aýdylýar, diýip TASS aýdýar. HEA-nyň garaşyşy ýaly, 2017-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan isleg geçen ýylyň görkezijisine degişlilikde günde 1,6 mln barrel artar. Bu çaklama...

Aşgabatda 2-4-nji noýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly forum geçiriler

2017-nji ýylyň 2-4-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» atly 22-nji halkara maslahaty we pudaklaýyn sergisi geçiriler. Forumyň guramaçysy bolup «Türkmennebit» döwlet konserni çykyş edýär, onuň ýardamçysy hökmünde pudaklaýyn çäreleri geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Summit Trade Events britan kompaniýasy çykyş edýär. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, forum 4-nji noýabra çenli dowam...

OPEC-e girmeýän döwletler Azerbaýjanyň we Gazagystanyň hasabyna awgust aýynda nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça meýilnamalaryny berjaý etdiler

OPEC-e girmeýän döwletler Azerbaýjanyň we Gazagystanyň hasabyna awgust aýynda nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça meýilnamalaryny 118 göterim berjaý etdiler. Bu barada Halkara energetika agentliginiň sentýabrdaky hasabatynda aýdylýar, diýip TASS habar berýär. Netijede Gazagystan awgustda nebit çykarylyşyny bellenilen çäk 20 müň barrel bolanlygynda 54 müň barrel çäklendirip, meýilnamany üç esse ýerine ýetirdi. Azerbaýjan nebit çykarylyşyny bellenilen çäk günde...

OPEC Wena ylalaşygyna gatnaşmak üçin has köp ýurtlary çekip biler

OPEC nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça Wena ylalaşygyna gatnaşmak üçin gurama girmeýän has köp ýurtlary çekip biler, diýip Ria Nowosti agentligi Blumberge salgylanyp habar berýär. Şeýle hem agentligiň habar berşi ýaly, Kuweýtiň ministri Wena ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagynyň maslahatlaşmasynyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde bolmagyna garaşýar. Onuň pikiriçe, indiki ýylyň başynda nebit bazary deňagramlaşmaly. Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyň ýerine...

2014