Habarlaryň arhiwi (2017-9-16)

Igor Dodon Türkmenistanyň Prezidentine Moldowanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurdy

Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bolan «Respublika Ordeni» bilen sylaglady. Bu dabara Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodonyň geçiren duşuşygyndan soň boldy. Prezident Igor Dodon şu gün öz türkmen kärdeşine bu...

«Aşgabat 2017» oýunlarynda ilkinji altyn medala türkmen türgenleriniň eýe boldular

Şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary başlandy. 17-nji sentýabrda bolsa oýunlaryň resmi açylyş dabarasy bolar. Şonuň bilen bilelikde, Jiu-Jitsu hem-de milli göreş boýunça ýaryşlar başlady. Hut şolar Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji «altyn» medaly peşgeş berdiler. Ol medala erkekleriň arasynda geçirilýän jübüt tutluşyklarynda sportuň Jiu-Jitsu «duo klassik» görnüşi boýunça türkmen türgenleri Jelilmuhammet Hojamyradow...

«Aşgabat 2017» oýunlary sebitde we dünýäde sporty wagyz etmek işine uly goşant goşar — Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy

«Aşgabat 2017» oýunlary sebitde we dünýäde sporty wagyz etmek işine uly goşant goşar diýip Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belledi. Döwlet Baştutany oýunlaryň başlanmagy bilen gutlap, AOG-nyň halkara sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýan Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow AOG...

2014