Habarlaryň arhiwi (2017-9-17)

«Aşgabat 2017-niň» ikinji gününiň ýaryşlary tamamlandy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ikinji gününde futzal boýunça oýunlar dowam etdi, uly tennis hem-de taýboksy boýunça ýaryşlar başlandy. Türkmen tennisçisi Isa Mämmetgulyýew Olimpiýa şäherjiginiň merkezi tennis meýdançasynda iki döwde 6:2; 6:0 hasaby bilen Kiribatiden gelen türgen Bira Tebatibungdan üstün çykdy. Milli tennis mekdebimiz öz derejesini görkezdi, indi Isa ýaryşlaryň ikinji aýlawynda...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli uly dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Goňşy ýurduň Baştutany kärdeşini Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän halkara sport forumynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Belent mertebeli myhman badalga alýan «Aşgabat 2017» oýunlarynyň parahatçylyga, dostluk hem-de özara...

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanlary iki ýurduň mümkinçiliklerini we bähbidini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, döwletara ykdysady taslamalary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy. Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryndaky möhüm meseleler boýunça...

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär. Tatarystanyň Baştutany Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy «Aşgabat 2017» oýunlarynyň başlanmagy bilen gutlap, bu giň möçberli wakanyň biziň ýurdumyza gyzyklanmanyň mundan beýläk-de...

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň birinji gününiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy medal sany boýunça öňdeligi eýeleýär

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilýän Aşgabat 2017 ýaryşlarynyň ilkinji gününde jiu-jitsu hem-de türkmen milli göreşi, şeýle-de erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen futzal boýunça medal çäreleriniň birnäçesi geçirildi. Oýunlary geçirýän Türkmenistan döwletiniň türgenleri jiu-jitsu hem-de türkmen milli göreşi sport ugurlary boýunça aglaba medallary gazanmak arkaly, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Günüň soňunda...

Türkmenistan we Pakistan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Pakistan Türkmenistanyň özenini oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri düzýän açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berýär...

2014