Habarlaryň arhiwi (2017-9-18)

Nebitiň bahalar az-kem ýokarlanýar: Brent - $55,62, WTI - $49,89

Duşenbe güni irden nebitiň bahalary az-kem ýokarlanýar. Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky biržada 7:50 wagta çenli 7 sent (0,13 göterim) ýokarlanyp, barreli 55,69 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 2 sent ýokarlanyp, barreli 49,91 dollara barabar boldy. 15-nji sentýabrdaky söwlalaryň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Täjigistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Kiprden, Gruziýadan, Pakistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere tüýjümek önümler,...

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Baştutany özbek kärdeşini Aşgabatda kabul etmäge örän şatdygyny belläp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesiniň we netijeliliginiň iki tarapyň ähli ugurlar boýunça özara hereketleri hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga berk syýasy erkiniň bardygyny...

Türkmenistan we Ermenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirýär

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen duşuşdy. Ermenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, tutuş dünýäde Türkmenistanyň häzirki döwürde täze gazanýan üstünliklerine yzygiderli syn edilýär we ýurtda ähli ugurlary, şol sanda sporty ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli oňyn...

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy: sanlar we maglumatlar

«Bu taslama 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen deňeşdirilende has çylşyrymly bolup durýar» diýip «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasyny taýýarlaýan «Balich Worldwide Shows» kompaniýasynyň başlygy Marko Baliç aýtdy. Guramaçylaryň pikiriçe, V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy sahnada ýa-da howada goýlan dabaralaryň içinde iň uzaga çekjegi bolup biler. Iki ýarym sagat dowam etjek çärä 75 000...

Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

17-nji sentýabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy söz sözlediler. Stadiona Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň...

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko «Aşgabat şäheriniň hormatly raýatynyň» şahadatnamasyny gowşurdy. Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza geldi. Döwlet Baştutany degişli Permana gol çekip, Walentina Matwiýenkonyň bu hormatly ada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly...

2014