Habarlaryň arhiwi (2017-9-20)

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabatda Ýerine ýetiriji geňeşiň 70-nji mejlisini geçirdi

Sişenbe güni Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabatda Ýerine ýetiriji geňeşiň 70-nji mejlisini geçirdi, bu barada «Aşgabat 2017-niň» saýty habar berýär. — Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlaryndan sport maşgalasy, Halkara olimpiýa komiteti, Halkara federasiýalar we sport jemgyýetçiliginiň beýleki agzalary bilen bu ýerde bolmak meniň üçin bagt — diýip AOG-nyň prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah aýtdy. — Türkmenistany Prezidenti...

Aşgabat we Tokio sport ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.B. Kömekow bilen Ýapyk  binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Tokio -  2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň baştutanlygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu...

«Aşgabat 2017» geljekki yklym, dünýä derejesindäki sport çärelerde şowly çykyşlaryň esasy boljakdygyny görkezýär – Wahdat Sultan-zade

Bu gezekki Aziýa oýunlary ýurduň dünýä bileleşigine işjeň goşulýandygyny, geljekki yklym, dünýä derejesindäki sport we beýleki çärelerde şowly çykyşlaryň esasy boljakdygyny görkezýär—diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky 2010-1015-nji ýyllardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, häzir bolsa «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlarynyň biri Wahdat Sultan-zade «Türkmenistan: Altyn asyr» gazetine beren interwýusynda aýdýar. Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň...

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň dördünji güni: Türkmenistan medal sany boýunça öňde

Olimpiýa şäherçesinde «Aşgabat 2017» oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik...

Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň final gününde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary ähli derejeli medallara mynasyp boldular

Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň jemleýji gününde biziň zenan türgenlerimiz V Aziadanyň ähli derejeli medallaryna mynasyp boldular. Şu gün “Ne-waza” görnüşi boýunça medallar ugrundaky ýaryşlar dowam etdi. 70 kilogramdan ýokary bolan agram derejede zenanlaryň arasynda geçirilen final bäsleşigi tutuşlygyna türkmen türgenlerine degişli boldy. Onuň dowamynda Aýsoltan Garçowowa Sabina Agajanowadan üstün çykyp, altyn medal eýeledi. S.Agajanowa bolsa kümüş medala...

2014