Habarlaryň arhiwi (2017-9-21)

Ýaryşlar dostluk we özara hormat goýmak sport ruhunda geçirilýär – FIBA emini

— Men eýýäm köp ýyldan bäri basketbol ýaryşlaryna eminlik edip gelýärin. Iş tejribämde dürli derejedäki ýaryşlara eminlik etdim. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna emin hökmünde gatnaşmak meniň üçin örän uly bagt- - diýip Halkara basketbol federasiýasynyň emini Donald Fransis Kuin belledi. — «Aşgabat 2017» geçen günleriniň dowamynda men birnäçe oýunlarda eminlik etdim...

Aşgabatda jemgyýetçilik ulag ulgamyna tölegiň elektron görnüşi giriziler

Aşgabatda jemgyýetçilik ulag ulgamyna tölegiň elektron görnüşiniň girizilip başlandy. Häzirki wagtda şäheriň dürli satuw nokatlarynda elektron kartlarynyň üç görnüşi, ýagny umumy, mekdep okuwçylary üçin, şeýle hem pensionerler üçin görnüşleri peýda boldy. Täze kartlar elektron gapjyk ýörelgesi esasynda hem hereket edýärler. Olar hasaplaýjy enjamlar (walidator) bilem özara galtaşanda nagt serişdeler awtomatik ýagdaýda alynýar. Ol enjamlar paýtagtyň awtobuslarynyň...

«Aşgabat 2017» oýunlarynda Türkmenistana 100-nji medaly Gülşat Klyçewa getirdi

Aşgabatly türgen 22 ýaşly Gülşat Klyçewa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň medallarynyň sanyna ýüzünji medaly getirdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça çykyş edýän türgen bu üstünligi taý boksy boýunça 57 kg agram derejede ýaryşyp gazandy. Bu agramda medal üçin 5 sany türgen ýaryşdy. Birinji tutluşykda, ýagny çärýekfinal tutluşygynda Gülşat Zahry Rezaini (Owganystan) ýeňdi – 29:28. Ýarym final...

«Aşgabat 2017» oýunlary sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige uly goşant goşar — Troý Erl

— Maňa ajaýyp Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda basketbol ýaryşlarynda emin bolmaklyk örän uly bagt — diýip Halkara basketbol federasiýasynyň emini Troý Metýu Erl aýdýar. — Türkmenistanyň paýtagty bilen tanyşlygymdan soňra özümde galdyrylan täsirleri beýan edesim gelýär. Aýratyn hem sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edilen Olimpiýa...

«Aşgabat 2017» oýunlary: Türkmenistanyň ýygyndy toparynda 127 sany medal bar

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda bäsleşmegini dowam edýär. Guşakly göreş, taýboksy, bilýard, ýeňil atletika, kuraş göreşi boýunça ýaryşlardaky çykyşlar biziň türgenlerimize hormat münberine çykmaga ýardam etdi. Ýaryşlaryň bäşinji güni «Aşgabat 2017» oýunlary ýygyndy toparymyzyň medallarynyň üsti 38 medallar, şol sanda 10 sany altyn medal bilen ýetirildi....

2014