Habarlaryň arhiwi (2017-9-23)

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň ýedi gününiň dowamynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda 175 medal bar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýedinji güni sportuň birbada on iki görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi, olaryň sekizisi boýunça baýrakly orunlar ugrunda çekeleşikli bäsleşikler boldy. Bu gün biziň toparymyza guşakly göreşde, kuraş göreşinde, bilýardda jemi 27 medallary, şol sanda altyn medallaryň 10-syny getirdi. Türkmenistanyň ýygyndy topary ozalkysy ýaly geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça umumy...

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň bosgunlar toparynyň agzalaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

22-nji sentýabrynda Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berdi. Şunuň bilen birlikde döwlet baştutany bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa...

«Aşgabat 2017» oýunlary guramaçylykly we ýokary derejede geçirilýär — Dewid Pol Kerans

— Hünärim boýunça men taryhçy. Ozalky SSSR döwletlerini öwrenmek bilen meşgullanýaryn. Türkmenistana žurnalist hökmünde — küşt boýunça ýaryşlary teswirlemek üçin geldim — diýip Dewid Pol Kerans aýdýar. — Men iri ýaryşlary, şol sanda Olimpiýa we Aziýa oýunlaryny geçirmekde dürli hyzmatlary hödürleýän «Laurel» iňlis kompaniýasynda işleýärin. Biziň kompaniýamyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň...

Aşgabat — dünýäde iň owadan şäherleriň biri — Li Kuang Lim

— Men Wýetnamdan «Aşgabat 2017» oýunlaryna küşt boýunça ýaryşlara gatnaşmaga geldim. Anna güni küşt boýunça ýaryşlaryň üçünji güni boldy, şol gün men bir duşuşykda ýeňiş gazandym. Şenbe güni ýaryşlar dowam eder. Elbetde, men ýeňmäge hem-de ýurdumyza nobatdaky altyn medaly gazanmaga synanyşaryn — diýip küştçi Li Kuang Lim aýtdy. — Aşgabatda, umuman, Türkmenistanda men ilkinji gezek. Şular...

2014