Habarlaryň arhiwi (2017-9-25)

Garabogazdaky gazhimiýa toplumynda gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginde alnyp barylýar

Balkan welaýatyndaky Garabogaz şäherindäki karbamid öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynda gurluşyk-gurnama we sazlaýyş işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Täze gazhimiýa toplumynyň gurluşygy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda taslamada göz öňünde tutulan möhletlerde alnyp barylýar hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary we enjamlary bilen...

«Aşgabat 2017» oýunlary: 9-njy günüň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynda — 200-den gowrak medal bar

24-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda biziň ýygyndy toparymyz sportuň kikboksing, sambo, erkin göreş, agyr atletika, basketbol görnüşleri boýunça uly ýeňişleri gazandylar. Şonda olar medallaryň 13-si ni, şol san-da 2 altyn medal eýelediler. Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy hasaby boýunça birinji orny ynamly eýeleýär. Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça türkmen türgenleri umuman 206...

«Aşgabat 2017» oýunlarynda dünýä rekordy täzelendi

Agyr atletika boýunça Eýranyň ýygyndy toparynyň agzasy Sohrab Moradi 23-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etmek bilen dünýä rekordyny täzelemegi başardy. Moradi silterläp götermek görnüşinde 185 kg we itekläp götermek görnüşinde 228 kg agramly ştangany galdyryp, jemi 413 kg göterip, täze jemlenen utugy görkezdi. Bu barada SNG.today saýtynyň habarçysy...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagyny, jinsi matasyny...

«Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleri lukmançylyk hyzmatlaryna ýokary baha berdiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleri lukmançylyk hyzmatlaryna ýokary baha berdiler, «Aşgabat 2017-niň» Baş ýerine ýetiriji müdiri bolsa bu derejedäki iri görnüşli çärelerde duş gelen iň ýokary hilli hyzmatlardyr diýip baha berdi. bu barada Oýunlaryň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleriniň hem-de...

2014