Habarlaryň arhiwi (2017-9-7)

Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy

  Şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy. Hut şu mynasybetli Türkmenistana Ginnesiň rekordlar kitabynyň önüm marketingi boýunça ýolbaşçysy Wiktor Fenes Wakasa geldi. Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän...

Türkmenistanyň Prezidenti milli ýygyndy toparyň türgenlerine «Aşgabat 2017» oýunlarynda iň köp sanly medala mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerine Oýunlarda öz başarnygyny we ussatlygyny, watançylygyny görkezip, iň köp sanly medala mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi. Bu arzuw döwlet Baştutanynyň oýunlaryň açylmagyna on gün galmagy mynasybetli Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabarada eden çykyşynda ýaňlandy. — Men siziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V...

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilen käniň ýerleşýän ýerinde türkmen ak öýleri dikilipdir, merkezi ak öýde milli äheňli ojak gurnalypdyr. Mergen...

2014