Habarlaryň arhiwi (2017-9-8)

Nebit gymmatlaýar: Brent – $54,76, WTI – $49,23

ABŞ-da Meksikan aýlagynyň kenarýakalarynda «Harwi» harasadyndan soňra NGIZ-leriň we nebithimiýa kärhanalarynyň işiniň haýallandygy baradaky seljerijileriň çaklamalarynyň netijesinde nebitiň dünýä boýunça bahalary anna güni irden ýokarlanýar. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär, diýip Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär. 08:08 wagta çenki ýagdaýa görä, Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,50 göterim gymmatlap, barreli 54,76 dollara deň boldy....

OPEC+ ylalaşygynyň möhletiniň kesgitsizligi nebitiň bahalarynyň üýtgemegine getirip biler

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagy biržalarda nyrhlaryň düýpli üýtgemeginiň öňüni almaga ýardam eder. Bu barada RF-iň maliýe ministri Anton Siluanow Bloomberg agentligine beren interwýusynda aýdýar. Siluanow OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjylara geljekde hem umumy dil tapyşmaga hiç zadyň päsgel bermejekdigine umyt bildirdi. Häzirki wagtda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyň möhleti 2018-nji ýylyň martyna çenli uzaldyldy. —...

Gazagystan OPEC bilen nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça aýratyn ylalaşyk baglanyşmagy meýilleşdirýär

Gazagystan «Kaşagan» käninde nebitiň çykarylyşynyň artmagy netijesinde OPEC+ özi üçin bilen aýratyn ylalaşyk baglanyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň energetika ministriniň orunbasary Aset Magauow habar berdi diýip, rus Nebitgaz habarlary agentligi ýazýar. «Meniň pikirimçe, gepleşikler aýratynlykda dowam eder, çünki OPEC Kaşagan taslamasynyň uludygyna, uly maýa goýumlaryň amala aşyrylandygyna we şol maýalary yzyna gaýtarmagyň zerurdygyna düşünýär. Şonuň üçin...

2014