Habarlaryň arhiwi (2018-2-19)

Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär: «Brent» - $65,42, «WTI» - $65,42

2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Moskwa wagty bilen 7:39-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,9 göterim ýokarlanyp, 65,42 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,4 göterim gymmatlap, 65,42 amerikan dollaryna barabar boldy. 16-njy fewralda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,8 göterim ýokarlanyp, 64,84 amerikan dollaryna, şeýle-de...

TNGIZT nebit koksunyň önümçiligini artdyrýar

2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) 12,2 müň tonna nebit koksuny öndürdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,8 göterim artykdyr. Bu barada ORIENT habarlar agentligi Türkmenistanyň Statistika hakynda döwlet komitetine salgylanyp habar berýär. Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylda nebit önüminiň bu görnüşiniň 146,3 müň tonnasy öndürildi. TNGIZT onuň önümçiligini artdyrmagyny,...

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazylar — Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabatda geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 23-nji we 26-njy fewralda meýilleşdirilen çäreleriň taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat — Turgundy täze demir ýolunyň,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere portlandsement, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň...

2014