Habarlaryň arhiwi (2018-2-21)

OPEC+ 2018-nji ýyldan soň hyzmatdaşlyk etmegiň taslamasyny taýýarlar

OPEC+ 2018-nji ýyldan soň hyzmatdaşlyk etmegiň taslamasyny taýýarlar. Bu barada BAE-niň energetika ministri, OPEC konferensiýasynyň başlygy Suheýl al-Mazrui Britan energetika instituty tarapyndan guralan IP Week-de (Halkara nebit hepdeligi) belledi, diýip TASS habar berýär. «Biziň bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň düzgünnamasynyň taslamasy kadalaşdyrylmak tapgyrynda dur. Biz ministrler bilen muny ara alyp maslahatlaşmaga we şu ýylda ylalaşyga gelmäge umyt bildirýäris. Eger-de...

TOPH: türkmen gazy Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary ysnyşdyrmaga ýardam eder

23-nji fewralda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan magistral gaz geçirijisiniň taryhynda nobatdaky möhüm waka bolar — bu taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda Türkmenistan turba geçirijiniň gurluşygy boýunça estafetany goňşy Owganystana geçirer. Garaşylyşy ýaly, dabaranyň çäklerinde dört ýurduň wekilleri Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda 1840 kilometrlik energetika magistralyny geçirmek işinde mundan beýläkki ösüşi...

Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $64,65, «WTI» - $61,07

2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Moskwa wagty bilen 7:47-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,9 göterim aşaklap, 64,65 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,2 göterim arzanlap, 61,07 amerikan dollaryna barabar boldy. 20-nji fewralda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,42 göterim pese düşüp, 65,25 amerikan dollaryna,...

"Ahal" AFK-nyň kubogynyň toparçalarynda

20-nji ferwalda Hujand şäherindäki "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynda "Türkmennebitönümleri" Baş müdirliginiň "Ahal" futbol topary şäheriň adybir topary — "Hujand" bilen duşuşdy.   "Ahal" futbol topary 2:0 hasabynda ýeňip, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy. Birinji ýarymy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymynda janköýerler derwezeden geçen iki pökgä şaýat boldular. 49-njy minutda "Ahalyň" ýarym goragçysy Wezirgeldi Ylýasow biziň ildeşlerimizi hasapda...

2014