Habarlaryň arhiwi (2018-2-26)

Döwlet Baştutany halkara ähmiýetli taslamalary işjeňleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyry, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalara badalga bermek dabarasyndan soňra, Hyratdan Mary şäherine gelip, şu meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Iş maslahatyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Mary welaýatynyň häkimi gatnaşdy. Iş maslahatynyň dowamynda...

Türkmenistanyň Merkezi banky TOPH taslamasyna bagyşlap, ýadygärlik şaýy pullary çykardy

Habar berlişi ýaly, 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Taryhy wakanyň öňüsyrasynda — Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $67,45, «WTI» - $63,77

2018-nji ýylyň 26-njy fewralda Moskwa wagty bilen 8:01-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,2 göterim ýokarlanyp, 67,45 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,35 göterim gymmatlap, 63,77 amerikan dollaryna barabar boldy. 23-nji fewralda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,4 göterim ýokarlanyp, 67,31 amerikan dollaryna, şeýle-de...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan, ABŞ-den, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzin, hidro arassalanan dizel ýangyjyny, gyzdyrylan nebit koksy we ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jins önümleri, hojalyk pamygy, arassalanan pagta ýagy, armatur,...

2014