Habarlaryň arhiwi (2018-2-27)

Türkmenabadyň täze Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda Ginnesiň bütindünýä rekordlar Kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi - Gemiji ýolagçy terminalynyň belentden görünýän keşbiniň aýratyn ünse mynasypdygyny, terminalyň ägirt uly ýyldyz görnüşinde örtüginiň bardygyny aýtdy. Şeýle binagärlik aýratynlygy üçin onuň Ginnesiň rekordlar...

Türkmenistanyň Prezidenti «Beýik Ýüpek ýoly» köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly» köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Dabara hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow...

Azerbaýjan Türkmenistanyň «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulmagyna umyt bildirýär

Türkmenistanyň «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulmak mümkinçiligi «ýeterlik derejede ýokary» hasaplanylýar. bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow beýan etdi diýip, Trend habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, türkmen gazyny «GGG» arkaly Ýewropa ibermek bilen bagly gepleşikler eýýäm ençeme wagt bäri dowam edip gelýär. Şunuň bilen baglylykda ýörite formatlar bar. «Şolaryň biri hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe, Azerbaýjan we...

2014