Habarlaryň arhiwi (2017-9-28)

«Aşgabat 2017» oýunlary örän ýokary derejede geçdi — Tan Jia Jun Remus we Lo Riane

— Men we meniň ýoldaşym Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna sport tanslary boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin Singapurdan geldik, diýip Tan Jia Jun Remus we Lo Riane aýtdylar. Biz eýýäm bäş ýyl bäri tans bilen meşgullanyp gelýäris we öz ýurdumyzyň bäş gezek çempionlary bolduk. Şeýle hem biz Günorta Aziýanyň 2016-ny we...

Türkmenistanyň türgenleri «Aşgabat 2017» oýunlarynda 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. Türkmen türgenleri jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. Türkmen küştçüleri Mähri Geldiýewa we Hurma Weliýewa toparlaýyn bäsleşikde bürünç medaly eýeledi. HHR-iň topary jemi 97, şol...

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň şowhunly ýapylyş dabarasy: ýüreklerde ömürlik galjak täsirler

«Aşgabat 2017-niň» alawy öçürildi we 45 000 orunluk Aşgabat Olimpiýa stadionyny dolduran tomaşaçylar we Oýunlara gatnaşyjylar şatlyk-şowhundan doly ajaýyp dabara tomaşa etdiler, diýlip Oýunlaryň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda bellenilýär. «Balich Worldwide Shows» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan ýapylyş dabarasy özüniň ajaýyp täsiri bilen görenleri haýran galdyrdy. Mundan başga-da, iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň...

Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy

Düýn agşam paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň, oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň türgenleriniň hem-de onlarça müň tomaşaçylaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Bu oýunlar Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlaryň wekilleriniň 6 müňe golaýyny...

2014