Habarlaryň arhiwi (2017-10-25)

Eýran türkmen gazynyň Azerbaýjana üstaşyr geçirmeklige garşy bolmaz

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) direktory hem-de ýurduň nebit ministriniň orunbasary Hamid Reza Arakiniň türkmen gazynyň Yslam Respublikasynyň üsti bilen Türkiýä eksport edilmegini goldamaýanlygy barada aýdanlary Azerbaýjana degişli däldir, diýip Trend habarlar agentligi belleýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Azerbaýjan hem Eýranyň üsti bilen türkmen gazyny alýar. Hamid Reza Arakiniň aýratyn nygtaýşy ýaly, Eýranyň bu çözgüdi Azerbaýjana...

Türkmenistan we Rumyniýa energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär

Ýakynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça nobatdaky  türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ösüşleriň bardygyny bellediler. Duşuşykda energetika we ulag meselelerine  esasy üns berildi, diýlip DIM-iň saýtynda bellenilýär. Gepleşiklerde rumyn tarapyndan...

Hazaryň hukuk derejesi 2018-nji ýylda kesgitleniler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň GDA agza döwletleriň ýanaşyk serhetleriniň delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça ýörite wekili I.Bratçikowyň aýtmagyna görä, Hazar ýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän ylalaşyga geljek ýyl gol çekip bilerler. Bu barada Ashgabad.net habar berýär. RF-iň Prezidentiniň ýörite wekiliniň belleýşi ýaly, ylalaşygyň aglaba bölegi kesgitlenildi, şeýle hem ylalaşyga gatnaşyjylarda bu çözgüdiň ähli tarap üçin bähbitli...

2014