Täzelikler

Gazagystan «Hazar bäşligi» döwletleri bilen bilelikdäki gatnaşyklary durmuşa geçirmäge umyt edýär

Gazagystanyň DIM-i Russiýa bilen Eýranyň 2019-njy ýylyň ahyryna çenli Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklamagyna umyt edýär. Bu barada sişenbe güni Gazagystanyň daşary işler ministri Beýbut Atamkulow Nur-Soltan şäherinde Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň mejlisinde belledi, diýip TASS habar berýär. «Biziň üstünligimiziň girewi Bäşinji Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary we döwlet...

Türkmenistan we Fransiýa işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlediler

Duşenbe güni Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisinde ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de...

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz ibermegini gaýtadan ýola goýdy

Şu gün, 15-nji aprelde gündiz sagat 12-den başlap Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazynyň iberilmegi gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserni habar berýär. Öň habar berlişi ýaly, gazy ibermekligi gaýtadan dikeltmek barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gazpromyň» direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleriň arasynda 27-nji martda geçirilen duşuşykda maslahatlaşylypdy. Ibermeler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz...

Birinji çärýekde Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim boldy

2019-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde üpjün edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi. Şeýle hem habar berlişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy amala...

Pekinde «tegelek stolyň» barşynda birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebitara özara...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni benzini satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan we...

Daşarky meselelere garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti ösmegini dowam edýär – Gurbanguly Berdimuhamedow

Häzirki döwürde bütin dünýä hiç bir ýurduň özbaşdak çözüp bilmejek örän çylşyrymly meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde belledi. — Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary, olaryň amala aşyrylmagy köp ýurtlaryň bilelikde hereket etmegine we şol hereketleriň utgaşdyrylmagyna ýardam berýär – diýip...

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy

12-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem milli ykdysadyýetimizi, şol sanda nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynda hasabat...

Russiýa ekologiýa meselelerini I Hazar ykdysady forumynyň gün tertibine goşmagy teklip etdi

Russiýa ekologiýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Raşid Ismailow 12-nji awgustda geçiriljek I Hazar ykdysady forumynda «Hazaryň ýaşyl standartyny» ulanmagyň mehanizmini döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. «Hazaryň ýaşyl standarty» taslamasy Hazar deňziniň dürli ekologiýa betbagtçylyklaryndan goramaklyga gönükdirilendir. Ol deňiz gurşawyndaky senagat kärhanalarynyň ýaramaz täsirlerini peseltjek tebigy serişdeleri goraýan we energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmagy, ekologiýa taýdan arassa materiallary...

HPG Türkmenistanyň ýokary jemi içerki önümiň ösüş depgininiň Merkezi Aziýada iň ýokary bolmagyny çaklaýar

Halkara pul gaznasy 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim, 2020-nji ýylda – 6,0 göterim möçberde ýokarlanmagyny çaklady. Munuň özi Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň hatarynda iň ýokary, dünýä derejesinde bolsa ýokary görkezijileriň biri bolup durýar. Şeýle çaklama HPG tarapyndan neşir edilen «World Economic Outlook-daky» dünýä ykdysadyýetiniň apreldäki synynda berilýär. HPG-niň bilermenleriniň...

«Petronas» kompaniýasy ýene-de Malaýziýa okuwa çagyrýar

«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» malaýzaiýa kompaniýasy «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde (Perak ştaty, Malaýziýa) 2020-nji okuw ýyly üçin ugurlaryň birnäçesi boýunça dalaşgärleri kabul edýär. Ugurlaryň içinde maşyngurluşygynyň tehnologiýasy, himiýa maşyngurluşygy, nebitçykarmaklygyň tehnologiýasy, elektrika we elektronika, geologiýa we geofizika, maglumat kompýuter tehnologiýalary, işewür maglumatlaşdyryş ulgamy bar. Malaýziýa kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewosorod serişdelerini özleşdirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän...

Türkmenistan we Gazagystan serhetara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Gazagystanyň Senatynyň ýolbaşçysy Darigi Nazarbaýewanyň Türkmenistanyň ilçisi Toýly Kömekow bilen Nur-Soltan şäherinde geçirilen duşuşykda serhetara hyzmatdaşlykda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip «Kazinform» habarlar agentligi Parlamentiň ýokary palatasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Senatyň ýolbaşçysy türkmen Mangistausk welaýatynyň türkmen tarapyna garamaga berlen 13 ugur boýunça tekliplerine ünsi çekdi. Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz aýlagynyň üstünden...

Gökdepe etrabynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň düýbi tutuldy

10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler. Täze şäheriň guruljak ýeriniň ekologiýa, seýsmologiýa taýdan ylmy esasda düýpli öwrenildi. Täze şäher welaýatyň ähli ilaty üçin amatly bolar. Bu ýere ýollar çekilip, ähli etraplardan we obalardan dürli ulaglar gatnar. Täze şäher 70...

Ženewada Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa bölüminiň binasynda Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy boýunça birifing geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. BMG-niň Ženewa bölüminiň binasynyň Türkmen otagynda geçirilen brifinge Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Ilçileri, Hemişelik wekilleri, şeýle hem beýleki ýurtlaryň...

Russiýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary

Russiýa we Türkmenistan üç ýyllyk arakesmeden soňra türkmen gazyny RF-e ibermek meselesine dolanyp gelýärler. Görnetin pudaklaýyn özara bähbitli çözgütler bilen bir hatarda bu çözgüt Türkmenistanyň GDA-daky syýasy-ykdysady ornuny berkidişi ýaly, Russiýanyň hem Merkezi Aziýa sebitindäki ornuny berkidýär. Bu barada «Ritm Ýewrazii» internet neşirinde ýerleşdirilen «Diňe bitewi gaz bilen däl... Russiýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary»...

2014