Habarlaryň arhiwi (2017-11-13)

Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: Brent - $63,56, WTI - $56,80

«Brent» söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleri 13-nji ýanwarda 7:40 wagta çenli ýagdaýa görä, 4 sent (0,06 göterim) ýokarlanyp, barreli 63,56 dollara deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 6 sent (0,1 göterim) gymmatlap, barreli 56,80 dollara deň boldy. 10-njy noýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça «Brent» söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda...

Türkmenistan we Saud Arabystany söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda iş saparynda boldy.  Bu saparyň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilen hökümetiň mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Er-Riýada saparyň çäklerinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-saud hökümetara toparyň nobatdaky, bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň senagat we energetika pudaklarynyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 62-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-den, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri nah ýüplük buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan,...

2014