Habarlaryň arhiwi (2017-11-16)

Aşgabatda gol çekilen «Lýapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyk Aziýadan Ýewropa göni söwda ýoluny açýar

Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe «Lýapis Lazuli» täze halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbani öz çykyşynda «Lýapis Lazuli» ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga gol çekilmegi, gürrüňsiz suratda, Aşgabat...

Türkmenistan we Gruziýa energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Hökümetiniň Wise-premýeri,  Daşary işler ministri Miheil Janelidze bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Gepleşikleriň dowamynda halkara derejesindäki işjeň hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň...

RЕCCA VII maslahaty Owganystanyň gatnaşmagynda sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädim boldy

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda  Aşgabatda owgan meselesi boýunça möhüm soraglaryň çözülmegine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamakda geljekki tagallalary birleşdirmäge, Owganystanyň parahat galkynyşy we ösüşi üçin bilelikde hereket etmäge, hem-de tutuşlygyna  sebit we sebitara derejede ykdysady integrasiýany güýçlendirmäge ýardam bermegi maksat edinen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Maslahatyň işine...

2014