Habarlaryň arhiwi (2017-11-21)

MAÖADBSM sebitde ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip geldi – Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň möhüm ähmiýetini belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň MAÖADBSM-nyň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit...

Owganystan TOPH boýunça tebigy gazyň üstaşyr geçirilmegi üçin her ýylda 1 mlrd amerikan dollaryny alar

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi Owganystanyň býujetine her ýylda 1 milliard amerikan dollaryny getirer. Bu barada geçen hepdede Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynda (RECCA VII) bellenildi. Аshgabad.net habarlar saýtynyň belleýşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, deslapky hasaplamalara görä,...

Global Pipe Company «Türkmengaz» üçin 40 mln amerikan dollarlyk turba önümlerini satyn alar

«Global Pipe Company» kompaniýasy 2018-nji ýylda «Türkmengaz» üçin 40 mln amerikan dollarlyk turba önümlerini satyn alar. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, birinji tapgyry 2018-nji ýylyň 1-nji çärýeginde ýüklemek meýilleşdirilýär. Bellenilişi ýaly, degişli şertnama şu aýda Er-Riýadda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň 5-nji mejlisinde «Türkmengaz» DK bilen «Global Pipe Company» kompaniýasynyň arasynda gol çekildi. Bilelikdäki...

2014