Habarlaryň arhiwi (2017-11-20)

Nebit dürlüçe bahalanýar: «Brent» - $62,58, «WTI» - $56,61

20-nji noýabrda «Brent» söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 8:02 wagta çenli ýagdaýda 14 sent dollar (0,2 göterim) aşak düşüp, barreli 62,58 dollara deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy söwdalaryň barşynda 6 sent (0,1 göterim) ýokarlanyp, barreli 56,61 dollara deň boldy, diýip Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär. Saud Arabystanynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 88-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kükürdi, ABŞ-den gelen telekeçiler bolsa, tehniki ýody we ýodly kaliýi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplükleri, bugdaý uny, dürli konditer önümleri ýerlenildi. Olary Russiýa...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu...

2014