Habarlaryň arhiwi (2017-11-28)

Saud ösüş gaznasy TOPH-nuň gurluşygy üçin turbalaryň satyn alnyşyny maliýeleşdirer

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen maliýe şertnamasyny baglaşdy. Bu barada ýurduň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň saýtynda habar berilýär. Öň habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan...

Türkmenistan we Rumyniýa nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda geçirilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Aşgabada geldi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, döwrebap gazy gaýtadan işleýji toplumlaryň,...

2014