Habarlaryň arhiwi (2017-11-29)

Energiýa göterijileriniň daşalmagynyň ygtybarlylygyny berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar

Halkara maslahatynyň çäklerinde «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin  Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Başlyklyk edýän döwründe bilelikde amala aşyrylan amaly we netijeli işlerini kanagatlanma bilen belläp, taraplar Türkmenistan...

ÝHHG we Türkmenistan halkara energiýa geçirijileriniň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtadylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň  28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikleri seljerildi. Özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge kanagatlanma bildirip, taraplar...

Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi açyldy

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki «Oguzkent» myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň  ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem...

2014