Habarlaryň arhiwi (2017-11-9)

Aşgabatda Merkezi we Günorta Aziýada energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahatynda energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, kabul ediji tarap hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş etdi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we...

Türkmenistan «Hazar — 2017» Halkara toplumlaýyn türgenleşiklerinde ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi

Türkmenistan 2017-nji ýylyň noýabrynyň başynda Hazar deňziniň günorta-günbatarynda Bakudan uzak bolmadyk ýerde geçirilen «Hazar — 2017» Halkara toplumlaýyn türgenleşiklerinde ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi, diýip Turkmenportal saýty habar berýär. «Azerbaýjanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy bilen Hazarýaka döwletleriniň halas ediş gulluklarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda bilelikdäki işi» mowzugyna bagyşlanyp geçirilen okuw-türgenleşiklerine şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we...

«Yug-Neftegaz» Türkmenistanda Demirgazyk Goturdepede seýsmiki barlag işleriniň deslapky netijelerini hödürlär

Ýakynda wagtda «Yug-Neftegaz» (Singapur) kompaniýasy «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna  Türkmenistanyň günbatarynda Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda geçirilen seýsimiki barlag işleriniň deslapky netijeleri baradaky hasabatyny hödürlär. «Türkmengeologiýa» DK bilen «Yug-Neftegaz» (Singapur) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda Türkmenistanyň günbatarynda Goturdepe, Barsagelmez we Darja meýdançalarynda 2D we 3D usullarynda meýdan seýsmiki barlag işleri ýerine ýetirilýär. Işler gury ýerde bolşy ýaly, Hazar deňziniň ýalpak...

Täjigistan köp ýyllyk arakesmeden soň Özbegistandan ýene-de gaz satyn alyp başlar

Ýakyn aýlarda Täjigistan Özbegistandan ýene-de tebigy gaz satyn alyp başlamagy mümkin, diýip Interfaks Duşenbede «Tajiktransgaz» (Respublikanyň gaz ulag ulgamynyň operatory) AGPJ-nyň buhgalteriýa boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Olimjon Rahimowa salgylanyp habar berýär. «Oktýabryň ortalarynda we noýabryň başlarynda biz «Uztransgazyň» we «Uzneftegazyň» wekilleri bilen gepleşikler geçirdik. Indi bolsa biz iki tarapy hem kanagatlandyryp biljek gazyň nyrhyny we satyn almagyň...

2014