Täzelikler

AÖB CAREC ýurtlaryna maliýe ýardamyny berer, TOPH taslamasyny goldamagyny dowam eder

Penşenbe güni Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. Maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti...

Türkmenistandan Italiýa eksport 2018-nji ýylyň başyndan bäri üç essä golaý, Italiýadan import 50 göterim artdy – ilçi

2018-ni ýylyň başyndan bäri, Türkmenistandan Italiýa ugradylýan harytlar üç essä golaý, şol bir wagtyň özünde, Italiýadan getirilýän önümler 50 göterim artdy. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda eden çykyşynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ungaro belledi. D.Ungaronyň sözlerine görä, Türkmenistandan Italiýa iberilýän harytlaryň esasy bölegi — Türkmenistanda soňky ýyllarda gurlan döwrebap zawodlarda öndürilen ýokary...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $67,17, «WTI» - $56,88

2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Moskwa wagty bilen 7:57-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,84 göterim ýokarlanyp, 67,17 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,74 göterim gymmatlap, 56,88 amerikan dollaryna barabar boldy. Söwda gatnaşyjylar OPEC-iň nebitiň dünýä bazarynda teklibiniň artyklygynyň alamatlarynyň netijesinde onuň çykarylyşyny çäklendirmäge başlamaklaryna garaşýarlar, diýip Ria Nowosti habar berýär. Geçen...

Türkmenistanyň wekiliýeti «ADIPEС–2018» halkara nebitgaz forumyna gatnaşdy

2018–nji ýylyň 12–15-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde bu ýurduň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda “ADIPEС–2018” atly 21-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti bu iri pudaklaýyn foruma işjeň gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, «ADIPEС–2018» — energiýa çeşmeleriniň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak...

Aşgabatda energetika taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmekde hakynda AÖB bilen ylalaşyklara gol çekildi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň elektrik energetika ulgamyny berkitmek taslamasyny we Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna gaýtadan goşmak taslamasyny Aziýa ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirmek boýunça iki sany ylalaşyga gol çekildi. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Ylalaşyklara şu gün Aşgabatda öz işine başlan Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynda gol çekildi. Maslahata...

Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär — Prezident

Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlygy arkaly türkmen ykdysadyýetiniň goňşy ýurtlaryň we gyzyklanýan döwletleriň ählisiniň ykdysadyýeti bilen goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berýär – diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek» atly Merkezi Aziýada sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar. — Şu ýyl biziň ýurdumyz çäklerinde energetika, söwda,...

Türkmenistanyň Prezidenti we Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaonyň arasynda geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasy bolup durýandygyny nygtamak bilen, geçen döwrüň içinde ýola goýlan netijeli maýa goýum...

Aşgabatda 20-21-nji noýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» halkara maslahaty geçiriler

Türkmen paýtagtynda 20-21-nji noýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» halkara maslahaty geçiriler. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Bu forumy «Cifal Industrial Services» fransuz kompaniýasynyň gatnaşmagynda «Türkmennebit» döwlet konserni gurnaýar. Garaşylyşy ýaly, forumda öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň, şol sanda Exxon Mobil, British Petroleum, Hyundai Engineering, Shell, Total, Haldor Topsoe,...

TAPI Pipeline: türkmen gazy iki ýyldan Pakistana barar

Türkmen gazy 24 aýdan TOPH gaz geçirijisi boýunça Pakistana barar. ORIENT habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada sişenbe güni «TAPI Pipeline Company Ltd.» konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow 12-15-nji noýabrda BAE-niň paýtagty Abu-Dabide geçirilýän ADIPEC Halkara nebitgaz maslahatynda aýtdy. Reýter agentliginiň habar bermegine görä, M.Amanowyň öz çykyşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan –...

2040-njy ýylda dünýäde nebite bolan isleg 12 göterim artar – HEA

Halkara energetika agentligi (HEA) geçen ýylky görkezijisi bolan – günde 106,3 mln barrele degişlilikde 2040-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň 12,1 göterim artmagyna garaşýar. Bu barada HEA-nyň World Energy Outlook her ýylky çaklamasynda bellenilip geçilýär, diýip Ria Nowosti habar berýär. Şeýlelikde, agentlik geçen ýylky çaklamasy bilen deňeşdirilende öz görkezijisini günde 1,4 mln barrel artdyrdy. HEA şeýle hem...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝET ulgamynda ileri tutulýan meseleleri kesgitledi

Duşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda nebitgaz toplumyny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri girizildi. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumynyň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, Türkmenistan...

Türkmenistan Ýewrokomissiýa bilen türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar – Prezidentiň geňeşçisi

Türkmenistan Ýewropa bazarlaryna tebigy gaz ibermek mümkinçiliklerini öwrenýär we bu babatda Ýewrokomissiýa bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew Abu-Dabide geçirilýän ADIPEC Halkara nebitgaz maslahatynda belledi, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. — Biz Ýewropa tarap eksport ugruny öwrenýäris, bu mesele boýunça Ýewrokomissiýa we üstaşyr geçiriji beýleki döwletler bilen işjeň...

ÝET-niň 2018-nji ýylyň 10 aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen on aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary N.Bäşimow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory D.Bäşimow, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň  başlygy...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $71,27, «WTI» - $60,77

2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Moskwa wagty bilen 8:49-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,55 göterim ýokarlanyp, 71,27 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,96 göterim gymmatlap, 60,77 amerikan dollaryna barabar boldy. 11-nji noýabrda Abu-Dabide monitoring boýunça OPEC+ ministrler komitetiniň mejlisi geçirildi. Bu geňeş ylalaşyklaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek we ony düzetmek...

Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy

6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky...

2014